Nikaraguanyň Prezidenti Daniel Ortega ýurtda oppozisiýanyň häkimiýet başyna gelmegine ýol bermezlik üçin mundan beýläk saýlawlaryň geçirilmejekdigini mälim etdi. Bu barada «The Guardian» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. «Mundan beýläk olaryň (garşylykçy partiýalaryň) häkimiýeti eýelemäge synanaşyk etmezligi üçin saýlawlar bolmaz» diýip, Ortega 1979-njy ýylda Somosalaryň köpýyllyk agalygynyň ýykylmagyna getiren Sandini rewolýusiýasynyň 47 ýyllygyna bagyşlanan dabaradaky çykyşynda aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir