Ýaponiýanyň «SDRS» we «Trusco Nakayama» kompaniýalary adamlary adatdan ýokary temperaturada iş wagtynda gyzmakdan goramak üçin niýetlenen «Do Hiemon Box» serginlediji kabinany döretdiler. Ol daşyndan göräýmäge, ullakan sowadyja (holodilnik) meňzeş diýip, «GizmoChina» neşiri ýazýar. Enjam ilkinji noabtda gurluşyk pudagynyň, zawodlaryň, ambarlaryň we yzygiderli yssy howa bilen ýüzbe-ýüz bolunýan ýerleriň işgärleri üçin niýetlenendir. Kabina doly bahaly serginlediş ulgamy bolmazdan, bedeniň temperaturasyny çalt peseltmäge mümkinçilik berýär. «Do Hiemon Box» enjamynyň içinde Selsiý boýunça 15 gradusa çenli serginlik saklanýar. Önümçilikçi salkynlygyň eýýäm bäş minutdan duýulýandygyny belleýär. Işläp düzüjiler enjamy diňe bir senagat ýerlerinde däl, köpçülikleýin çäreler wagty, mekdeplerde, söwda merkezlerinde we sowadyş ulgamlaryna ýokary derejede agram düşýän ýerlerde peýdalanmagy maksat edinýärler. «Do Hiemon Box» şahsy serginledijileriň bahasy 1,5 mln ýene deňdir.