Nebitiň dünýä nyrhlary Ýakyn Gündogarda saklanyp galýan dartgynlylyk bilen baglylykda ösüş görkezdi diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi. «Oilprice» gullugynyň habaryna görä, Brent nyşanly nebitiň bir barreliniň bahasy 20-nji iýulda öňki söwdalaşyklardaky nyrhdan 2,40 göterim ösüş görkezip, 90,21 dollara deň boldy. WTI nyşanly nebit barrel üçin 84,24 dollara ýetip, 2,12 göterim gymmatlady. Urals rus nyşanly nebitiň bahasy hem barrel üçin 66,84 dollara ýa-da 0,33 göterime çenli gymmatlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir