Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler bu merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek, sebit howpsuzlygyny berkitmek, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygyny, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda amala aşyrylýan sebit maksatnamalary we taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.