Wengriýanyň Parlament başlygy Agneş Forsthoffer iş başyndan aýrylan ýurduň Prezidenti Tamaş Şuýogyň wezipe ygtyýarlylyklaryny wagtlaýyn ýerine ýetirer. Premýer-ministr Peter Madýaryň bu barada beýanatyna görä, täze döwlet Baştutanynyň saýlawlary golaý 30 günüň dowamynda bolar. Milli teleýaýlymlarda görkezilen wideoçykyşynda Premýer-ministr Peter Madýar şeýle hem ýurduň Prezidentiniň parlament tarapyndan Wengriýanyň Konstitusiýasyna girizilen 17-nji düzedişe gol çekendigini we onuň wezipe ygtyýarlylyklarynyň 20-nji iýuldan bes edilendigini habar berdi. Şuýok öň ady tutulan düzedişe gol çekip, ony Konstitusiýa ters gelýändigini hem-de demokratiýany bozýandygyny yglan edipdi. Ol bu resminamanyň güýje girmegi üçin ähli jogapkärçiligiň ýurduň täze Hökümetiniň egnine düşýändigini nygtady diýip, TASS ýazýar.