Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ştatdan daşary baş lukmany, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Olga Tkaçýewa «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň klassifikasiýasy boýunça ýaşlyk döwrüniň 45 ýaşda tamamlanýandygyny habar berdi. «BSGG-niň klassifikasiýasyna laýyklykda, ýaşlyk döwri resmi 45 ýaşda tamamlanýar» diýip, lukman nygtady. Öň RYA-nyň akademigi Gennadiý Onişenko Russiýada ýaşlygyň derejesini häzirki zaman adamlarynyň işe ukyplylygyny uzak saklaýandygy, akyl hem-de fiziki işjeňliginiň ýokarylygy bilen baglylykda, 40 ýaşa çenli artdyrmak barada teklibi aýdypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir