Änew şäherindäki medeniýet öýüniň öňündäki ajaýyp toý meýdançasynda ýurduň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýat häkimligi we Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Habarda bellenilişi ýaly, emin agzalary ýaş zehinleriň sahna we ýerine ýetirijilik ussatlygyna mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda Sarahs etrabyndan Aýlar Şöhradowa hem-de Babadaýhan etrabyndan Kerwen Ataýew ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir