Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkelini Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň goýy tüssesi gurşady. Bu barada «Fox News» teleýaýlymy «YouTube»-däki ýaýlymynda habar berdi. Wideogörnüşlerde heýkeli Gudzon derýasynyň kenaryndan saýgaryp bolmaýandygy görünýär. Ol Kanadanyň serhetinden takmynan 400 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Teleýaýlym şeýle hem tokaý ýangynlarynyň gurumynyň ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryndaky iri şäherleriň köpüsini basandygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir