Emeli aňyň ösüşi we peýdalanylmagy dünýä siwilizasiýalarynyň hem-de milli medeniýetleriň özboluşlylygyna zyýan ýetirmeli däldir, ol adamyň gözegçiliginde bolmalydyr. Şeýle pikiri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin anna güni Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatynyň açylyşynda aýtdy. Szinpin emeli aňyň gymmatlyklary işlenip düzülende, adamzadyň umumy gymmatlyklaryndan ugur almaga, dürli siwilizasiýalaryň arasyndaky düşünişmegi we sabyrlylygy berkitmäge, alyşmalara we birek-biregi okatmaga ýardam etmäge çagyrdy. 17-nji iýulda Şanhaýda badalga alan «Ýagty geljegiň hatyrasyna emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly Bütindünýä maslahaty 20-nji iýula çenli dowam eder diýip, «ria.ru» habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir