«Apollon-11» kosmos maksatnamasynyň çäklerinde Aýa ugradylan SSSR-iň baýdagy Sotheby's auksionynda 102,4 müň dollara satyldy, bu deslapky 7-10 müň dollarlyk nyrhdan birnäçe esse ýokarydyr diýip, söwda-satyg öýüne salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «Bu sowet baýdagy ABŞ bilen SSSR-iň arasynda parahatçylyk meýliniň nyşany hökmünde «Kolumbiýa» modulyna alnypdy» diýip, auksionyň saýtynda maksatnama gatnaşan astronawt Edwin Bazz Oldiriniň sözleri getirilýär. 1969-nji ýylda «Apollo-11» amerikan kosmos gämisi Aýyň üstüne gondy. Bu adamzadyň taryhynda ilkinji gezek ynsanyň Aýa gadam basan pursady hökmünde taryha girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir