ABŞ-nyň Merkezi Florida uniwersitetiniň alymlarynyň GeroScience ylmy žurnalynda çap edilen barlaglary kosmos gurşawynyň adamyň organizmine ýetirýän täsiriniň köp babatda tiz garrama hadysasyna meňzeýändigini görkezdi. Bu netijeler hem kosmonawtlar, hem-de Ýerdäki adamlar üçin ýaş bilen bagly doreýän keselleri bejermegiň täze usullaryny işläp taýýarlamaga kömek edip biler. Hünärmenler alyş-çalyş işleri üçin jogap berýän esasy organlaryň biri bolan bagyrdaky üýtgeşmelere aýratyn üns berdiler. Mälim bolşuna görä, kosmosda bary-ýogy bir günden soň bagyr dokumalarynda tebigy garramada bolup geçýän genetiki üýtgeşmelere örän meňzeş hadysalar başlaýar. Adam radiasiýa we agramsyzlyk şertlerinde näçe köp bolsa, içerki beden agzalaryň şonça-da güýçli şikeslenmegi mümkin. Ylmy synag üçin çuň kosmosyň modeli döredildi. Haýwanlardan alnan nusgalar iki hepdäniň dowamynda mikrograwitasiýanyň hem-de kosmonawtlaryň Marsa uçuşda alyp biljek radiasiýasyna deň bolan şöhlelenmäniň täsirinde galdyryldy. Synaglaryň netijeleri bu şertleriň şeýle netijelere getirýändigini görkezdi: Garry öyjükleriň toplanmagyna; Çişme hadysasynyň döremegine; Fibrozuň (bagyr gatamanyň) ösmegine. Bu ýagdaýlar wagtyň geçmegi bilen bagryň işiniň çynlakaý bozulmagyna we hatda onuň doly durmagyna-da getirip biler. Laboratoriýadaky synaglar bilen kosmonawtlaryň gany deňeşdirilende, olardaky genetiki üýtgeşmeleriň meňzeşdigi mälim boldy. Bu täze açyş geljekde uzak kosmos syýahatynda saglygy goramak üçin haýsy molekulalara üns bermelidigini görkezýär. Şeýle-de, öýjükleriň çişmegini we garramagyny bökdeýän täze maddalar tapyldy. Olar öýjügiň içindäki dolandyryjylar bilen işleşip, geljekde täze gorag dermanlaryny ýasamaga ýol açýar. Ýerde onlarça ýyla çekýän garramak hadysasy kosmosda örän çalt bolup geçýär. Bu bolsa alymlara garramagyň syrlaryny gysga wagtyň içinde has gowy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu ylmy bilimler geljekde ýaş bilen bagly keselleri haýallatmaga, içerki organlaryň sagdyn işlemegini üpjün etmäge we garrylyk döwründe durmuşyň hilini ýokary götermäge ýardam eder. Garramak diňe bir daşky alamatlaryň üýtgemegi däl-de, eýsem bütin bedeniň kem-kemden könelmegidir. Eger bu könelmäniň hut nämeden başlaýandygyny we ilkinji bozulmalaryň nirede bolup geçýändigini anyklap bilsek, köp keselleri entek ýüze çykmanka duruzmak başardar.