Halkara küşt federasiýasy (FIDE) erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä kuboklarynyň formatynyň üýtgedilendigini yglan etdi. Ýaryşlary geçirmegiň täze ulgamy 2027-nji ýyldan başlap güýje girer. Ýaryşlar iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr «45 minut + 30 sekunt» wagt gözegçiligi bilen şweýsar ulgamy boýunça geçiriler. Erkekleriň arasynda gatnaşyjylar dört topara, zenanlaryň arasynda bolsa iki topara bölner. Bu tapgyr bäş gün dowam eder. Onuň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlener. Erkekleriň ýaryşynda her topardan iň gowy netije görkezen dört küştçi 1/8 finala, zenanlaryňkyda bolsa her topardan iň gowy netije görkezen sekiz küştçi indiki tapgyra çykar. Şeýle-de, FIDE gatnaşyjylaryň sanyny artdyrar. Erkekleriň dünýä kubogynda gatnaşyjylaryň sany 206-dan 224-e, zenanlaryňkyda bolsa 103-den 128-e çenli köpeler. Munuň bilen bir wagtyň özünde ýaryşyň baýrak gaznasy hem ýokarlanar. Erkekleriň ýaryşynyň baýrak gaznasy öňki 2 million dollaryň deregine 2,3 million dollar, zenanlaryňky bolsa öňki 676 müň dollaryň deregine 1 million dollar bolar. Mundan ozal, 2005-nji ýyldan başlap, dünýä kubogy olimpiýa ulgamy boýunça geçirilýärdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir