Şu gün Tbiliside ilkinji gezek döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Soňra döwlet Baştutanlarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şunda söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri aýratyn üns merkezinde boldy. Sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we Gruziýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şoňa görä, iki ýurt hem haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Poti portunyň mümkinçiliklerini utgaşdyrmak, Gruziýanyň üstaşyr geçirijilik kuwwaty arkaly türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň ýollary bilen bagly meselelere özara gyzyklanma bildirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir