Wengriýanyň öňki daşary işler ministri Peter Siýýarto milli parlamentiň deputatynyň wezipesini terk edýär. Ol özüne Hytaýyň BYD awtoulag kompaniýasynda iş teklip edilendigini habar berdi diýip, TASS ýazýar. Siýýarto BYD kompaniýasynda daşary aragatnaşyklar we täze işewürlik ugurlaryny ösdürmek boýunça ýolbaşçynyň wezipesini eýelejekdigini aýtdy. BYD Wengriýanyň Çongrad-Çanad şäherinde Ýewropada elektrik ulaglary boýunça ilkinji zawodyny gurdy. Syýasatçy bu taslamany syýasy derejede goldandygyny nygtady. Peter Siýýarto Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça ministri wezipesini 2014-nji ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Onuň ýolbaşçylygynda ministrlik ykdysady bitaraplyk strategiýasyny amala aşyryp, Günbatarda-da, Gündogarda-da ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýardy. «FIDES - Wenger raýat bileleşigi» 12-nji aprelde geçen parlament saýlawlarynda ýeňlenden bäri Siýýarto parlamentiň deputaty bolup işleýärdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir