Oksford uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary göwrümi Ýupiter bilen deň bolan we şekerpamyk bilen deň pes dykyzlykdaky iki sany planetanyň üstüni açdy. TOI-791 b we TOI-791 diýlip at berlen älemdäki iki planetany Antarktidadaky ASTEP teleskopynyň kömegi arkaly öwrendiler diýip, «MIR 24» habar berdi. TOI-791 b Ýerden takmynan 1110 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Äpet göwrümine seretmezden, onuň agramy Ýeriňkiden bary-ýogy 9,5 esse uludyr. Bu 0,038 g/sm3 dykyzlyga deňdir, ol öz okunyň daşyndan her 139,3 gije-gündizde aýlanýar. TOI-791 biraz ulurak, onuň radiusy Ýupiteriň 1,155 radiusyny eýeleýär, agramy Ýeriňkiden 18,6 esse uly, bu bolsa, onuň dykyzlygyny 0,047 g/sm3 deň edýär. Ol öz okunyň daşyndan her 232 gije-gündizde aýlanýar. Alymlar bu planetalaryň häzirki güne çenli hasaba alnanlaryň arasynda iň ýeňildigini belleýärler. Eger şekerpamyk süýjüsiniň dykyzlygy kubmetrde 0,05 grama deň bolsa, Ýupiterde bu görkeziji 1,33 grama, Ýeriňki 5,5 grama deň. Planetalaryň ikis-de F7 ýyldyzynyň daşyndan aýlanýarlar. Olary öwrenmek iň ýokary derejeli ýeňil planetalaryň emele gelmeginiň gurluşyna düşünmäge kömek eder diýip, «arXiv» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir