Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) 1–30-njy iýul aralygynda bu ýurtda geçirilýän tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, «Mehatronika we robototehnika» hünäri boýunça bilim alýan Çynar Garlyýewa berk bäsleşikli saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, Germaniýada iş tejribeligini geçmek hukugyna eýe boldy. Bu maksatnama gatnaşyjylaryň dil boýunça amaly başarnyklaryny, medeniýetara we hünär aragatnaşygyny ösdürmäge, olaryň bilimini hem-de tejribesini baýlaşdyrmaga, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Çynar Garlyýewa öz deň-duşlary bilen bilelikde Göte institutynyň (Goethe-Institut) binýadynda nemes dili boýunça dört hepdelik gysga möhletli okuwy geçýär. Mundan başga-da, ol Germaniýanyň özboluşly medeniýeti, taryhy we milli däp-dessurlary bilen hem ýakyndan tanyşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir