Germaniýada 2025-nji ýylda 177 müň iş orny ýitirildi. Bu barada Iş üpjünçiligi boýunça federal agentligiň maglumatlaryna salgylanýan «Der Tagesspiegel» gazeti habar berdi. Senagat pudagynda 2025-nji ýylyň dekabrynda hökmany durmuş ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan 6,5 million töweregi adam zähmet çekdi. Bu ähli ätiýaçlandyrylan umumy işçi sanynyň bäşden bir bölegine deňdir. Awtoulag senagatynda we bu senagaty üpjün edijiler boýunça iň köp iş ornunyň kemeldilendigi (52 müň iş orny) hasaba alyndy. Maşyn gurluşygynda iş ýerleriniň sany 28 müň, metallurgiýada 24 müň azaldyldy. «Der Tagesspiegel» neşiri iş orunlarynyň kemelmeginiň dowam edýändigini ýazýar. Ady tutulan federal agentligiň ýolbaşçysy Andrea Nalesiň sözlerine görä, senagat her aýda 15 müň töweregi iş ýerini ýitirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir