BMW nemes awtokonserni ABŞ-dan hereketlendirijisiniň starteriniň relesindäki näsazlyk bilen bagly 29119 awtoulagyny yzyna çagyrýar. Bu barada «Reuters» agentligine salgylanýan «news.by» habar berdi. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) maglumatlaryna laýyklykda, yzyna çagyrylýan ulaglaryň hatarynda BMW 530e xDrive we BMW 740Le xDrive kysymlary, şeýle hem BMW iPerformance ugrundan bolan ulaglar bar. Ulaglaryň çykarylan ýyly aýdylmaýar. Starteriň relesiniň poslama duçar bolup, gysga ot utgaşmasyna getirip biljekdigi we ýanmak howpuny ýokarlandyryljakdygy bellenýär. Dilerler hereketlendirijiniň starterini mugt çalşyp bererler diýip, NHTSA edarasy habar berdi.