Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow Özbegistandaky Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetine (Green University) sapar edip, ýokary okuw mekdebiniň rektory Bahtiýor Pulatow bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga MASEM-iň Özbegistandaky ýurt boýunça edarasynyň direktory Nodirbek Rahimžonow hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ekologiýa bilimi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny durnukly ösüş ugrunda goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Green University bilim edarasynyň wekilleri myhmanlary uniwersitetiň bilim maksatnamalary bilen tanyşdyryp, MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň jemleri boýunça MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasyna Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almagy üçin alty okuw orny bölünip berildi. Şolaryň üçüsi bakalawr maksatnamalary, galan üçüsi bolsa magistratura maksatnamalary üçin niýetlenendir. Green University Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş we «ýaşyl» ykdysadyýet ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga ýöriteleşen ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar. Uniwersitetiň bakalawr maksatnamalary ekologiýa we durnukly dolandyryş, ekologiýa we ykdysadyýet, şeýle hem hukuk we «ýaşyl» ykdysadyýet ugurlaryny öz içine alýar. Magistratura derejesinde bolsa durnukly ösüş, ekologiýa hukugy, durnukly maliýe, dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly syýahatçylyk ugurlary boýunça bilim berilýär. Bäsleşikli saýlama tapgyryndan üstünlikli geçen talyplara okuwyň doly tölegini, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy hem-de her aýlyk talyp hakyny öz içine alýan grantlar berilýär. MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow Green University bilim edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljekde Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.