Nýu-Ýork şäherinde 25 ýyl mundan öň bolan ýykgynçylykdan soňra ikinji Bütindünýä söwda merkeziniň gurluşygy başlandy. 55 gatly täze bina «American Express» kompaniýasynyň täze düýp edarasy bolar. Binanyň ilkinji kerpijini goýmaga kompaniýanyň ýolbaşçylary, hökümet we hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Gökdiräniň beýikligi 374 metr bolar. Onuň gurluşygyny 2031-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama amala aşyrylandan soňra 3200 iş orny dörär hem-de şäheriň ykdysadyýetine 6 milliard dollar töweregi girdeji getirer diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir