S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berildi. Ozal habar berşimiz ýaly, giňişleýin Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.