ABŞ-nyň Pentagon harby edarasy öz saýtynda öň gizlin saklanan näbelli uçýan obýektler (NUO) baradaky maglumatlaryň nobatdaky toplumyny çap etdi. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi. «Uruş ministrligi adatdan daşary näbelli hadysalara degişli öň gizlin saklanan we taryhy faýllaryň dördünji bölegini çap edýär. Olar öňküsi ýaly WAR.GOV/UFO-da ýerleşdirilendir we ministrlik goşmaça faýllary hemişelik esasda çap eder» diýip, edaranyň metbugat sekretary Şon Parnell habar berdi. Täze toplum 40 faýldan ybarat bolup, olar – 14 resminama, 19 wideo we dört audiofaýl hem-de üç şurat. Faýllary dürli harby edaralar we energetika ministrligi hödürledi. Olaryň ýarysyna golaýy 2010-njy ýyla we gijräkki döwre degişli. Wideolarda harby kameralar bilen surata düşürilen infragyzyl görnüşler bar. Suratlarda dünýäniň dürli ýerlerinde, şol sanda Ýuwaş ummanyň günbatarynda, Atlantikada we Ýakyn Gündogarda düşürilen näbelli obýektler şekillendirilipdir. NUO-lar barada resminamalar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň karary boýunça çap edilýär.