Şu ýylyň birinji ýarymynda 165 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi. Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe goňşy ýurda syýahat eden türkmen jahankeşdeleriniň sany 164,2 müňe deň bolup, Türkmenistan bu ugurda ýedinji orny eýeläpdir. Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça sanawyň deslapky bäşliginde bolsa Gyrgyzystanyň (1 million 875 müň), Gazagystanyň (1 million 553 müň), Täjigistanyň (1 million 471 müň), Russiýanyň (585,5 müň) hem-de Owganystanyň (238,9 müň) ady bar. Ýanwar — iýun aýlarynda 223,4 müň raýaty Özbegistana syýahat etmek üçin gelen Hytaý bolsa sanawda altynjy orny eýeläpdir. Ýeri gelende bellesek, şu 6 aýynda Özbegistan 6 million 565 müň daşary ýurtly syýahatçymy kabul edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,9 göterim köpdür.