Nepalda Dhurbe lakamly pil 14 ýyllap bir maşgalany yzarlady we onuň dört agzasyny heläkledi. Bu barada «The Kathmandu Post» gazetine salgylanýan TASS habar berdi. Iň soňky waka 5-nji iýulda boldy, pil maşgalabaşy Şaniçar Boteniň gelnini we dört ýaşly agtygyny basgylady. 2012-nji ýylda ol maşgalabaşynyň ene-atasyny heläkläpdi. Bote şondan soňra başga ýere göçüp gitdi, emma bu-da onuň ýakynlaryny gaharjaň haýwandan gorap bilmedi. Çitwanyň milli sebilgähiniň arhiwiniň maglumatlaryna görä, bu pil azyndan 25 adamyň ganyna galdy, olaryň ikisi harby gullukçydy. Häzirki wagtda goraghananyň gullukçylary we Nepalyň harby güýçleri pili ýok etmek üçin gözleýärler.