«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze, häzirki zaman «Sitrak ZZ4406 V395 ME» ýük çekiji ulaglarynyň 4-si gelip gowuşdy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, täze gelen «Sitrak ZZ4406 V395 ME» ýük çekiji ulaglar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny özünde jemleýän, zähmet we çylşyrymly ýol şertlerine doly uýgunlaşan kuwwatly tehnikadyr. Geologlaryň iň uzak we barmasy kyn bolan ýerlerde alyp barýan buraw we gözleg işlerine zerur bolan agyr enjamlary, materiallary bellenen ýere bökdençsiz we wagtynda ýetirmekde bu ulag hakyky gury ýer gämisine öwrüler. Onuň güýçli motor ulgamy we ýokary çekiji ukyby (V395 ME modeli) iň agyr ýükleri hem aňsatlyk bilen menzillere aşyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň howa şertlerine durnukly şassisi we berk tinger ulgamy bilen döz gelmäge ukyply. Täze ulaglaryň önümçilige girizilmegi ýerasty baýlyklaryň gözleginde we barlagynda wagt tygşytlylygyny üpjün eder, agyr buraw desgalarynyň we goşmaça tehnikalaryň bir nokatdan başga bir nokada çalt we abat daşalmagyny kepillendirer.