Germaniýanyň «Volkswagen» ulag konserni soňky onýyllykda iň düýpli özgertmeleri işe goýberýär. Muňa konserniň Aziýa bazarynda girdejileriniň azalmagy sebäp bolýar, Ýewropada bolsa, onuň ulaglaryna isleg pandemiýadan öňki döwürdäki ýagdaýa dolanyp bilenok diýip, «Bloomberg» agentligi habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, awtoulag läheňi öz ulag kysymlarynyň hataryny birbada iki esse azaltmaga mejbur boldy. Esasy zawodlarynyň dördüsiniň ýapylmagy we 100 müňe golaý işgäriniň işden boşadylmagy kompaniýanyň häzirki agyr maliýe ýagdaýyny alamatlandyrýar. Konserniň direktorlar geňeşiniň agzalary birwagtky beýik brende häzir doly ýok bolmak howpunyň abanýandygyny boýun alýarlar diýlip, habarda bellenýär.