«Apple» korporasiýasy meşhur «ChatGPT» çat-botuny döreden «Open AI» kompaniýasynyň üstünden telekeçilik syryny ogurlamakda aýyplap, kazyýete ýüz tutdy. Bu barada habar Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň kazyýetiniň elektron bazasynda peýda boldy diýip, «Belta.by» habar berdi. Ol ýerde beýan edilen habara görä, şikaýatnama 10-nji iýulda berildi. Onda «Apple» ady tutulan kompaniýany telekeçilik syryny bikanun ulanmakda aýyplaýar. CNBC teleýaýlymynyň habar bermegine görä, «Apple» özüniň intellektual emlägi «OpenAI» tarapyndan maksatnama üpjünçiliginde ulanyldy diýip hasaplaýar. Şikaýatda Appleniň bu EA-startapda işlän işgärlerine korporasiýanyň telekeçilik syrlary bilen üpjün etmek teklip edilendigi hem beýan edilipdir.