Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önümleriniň galyndylary, suw gyzdyryjy enjamlar we santehnika önümleri ýerlenildi. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 128 million 216 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, çig ýüpegi we pagta süýümini satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir