Wýetnamyň Fukuok adasynda 32 syýahatçyly we ekipažyň dört agzasy bolan syýahat gaýygy gark boldy diýip, «VnExpress» neşirine salgylanýan «regnum.ru» habar berdi. Waka gämi portdan ugrandan soňra boldy. Heläk bolanlaryň 13-si erkek, 2-si zenan. 21 adam halas edildi. Kateriň agmagyna güýçli şemal we deňiz gomy sebäp boldy. Syýahatçylaryň köpüsiniň hindilerdigi habarda bellenýär. Öň Fransiýadan bolan 25 syýahatçyly gaýyk Omanda gark bolup, üç adamyň ölümine getirdi.