Ispaniýada dörän tokaý ýangynlary sebäpli ejir çeken çägiň meýdany alty müň gektardan geçdi. Bu barada ýurduň «El Pais» gazetine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «El Pais» neşirine bu barada beýanat beren Andaluziýa awtonom jemagatyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Antonio Sansa: «Los-Galýardos Almeriýadaky tokaý ýangyny eýýäm 6600 gektary ýok etdi» diýdi. Tokaý ýangynlary bu ülkede 9-njy iýulda başlandy. Ýerli häkimiýetler etraplaryň köpüsinden adamlary wagtlaýyn düşelgelere göçürdiler. Jülgeleriň köp bolmagy ýangyny söndürmekde kynçylyk döredýär. Ýangyn söndürijilere ýüzlerçe hünärmenler we Ispaniýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça harby bölümleri kömek berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir