Fransiýanyň Dowil şäherinde Art-Storytelling Paris–Deauville maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň moda pudagynyň wekillerini, medeniýet işgärlerini we diplomatik wekilhanalaryň agzalaryny jemlän halkara moda görkezilişi geçirildi. международный показ моды дизайнеров в Довиле 1 Çäräde Türkmenistandan meşhur dizaýner, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Keşdeçilik bölüminiň müdiri Jennet Agaýeva, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler. международный показ моды дизайнеров в Довиле 2 Myhmanlara türkmen halkynyň bezeg-amaly sungatynyň, milli keşdeçilik däpleriniň hem-de döwrebap dizaýn sungatynyň baý mirasyny şöhlelendirýän işler hödürlenildi. международный показ моды дизайнеров в Довиле 3 Türkmen wekiliýetiniň halkara moda görkezilişine gatnaşmagy Türkmenistanyň medeni mirasyny dünýäde wagyz etmekde, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, şeýle hem moda we döredijilik pudaklarynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm goşant boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 21 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir