Fransiýanyň «Milli bileleşik» sagçy milli partiýasynyň parlament fraksiýasynyň ýolbaşçysy Marin Le Pen özüni ýurduň döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär diýip yglan etdi. Ol bu barada TF-1 teleýaýlymynda çykyşynda habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar. Öň, hepdäniň sişenbe güni Parižiň şikaýat kazyýeti Ýewropa Parlamentinde serişdeleriň bikanun ogurlanmagy barada iş boýunça höküm çykardy, oňa görä, Le Pen üç ýyl ( iki ýyly şertli, bir ýyl bolsa elektron bilezik dakynmak bilen çalşyldy) azatlykdan mahrum edildi. Muňa garamazdan, syýasatçy zenan ady tutulan partiýadan Prezident saýlawlarynda dalaş etmäge goýberilip bilner.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir