Ýere garşy uçup gelýän Apofis asman daşy (asteroidi) ummasyz kän adamyň gözýetiminde bolar. Alymlar maglumatlar toplandygysaýy onuň biziň planetamyz bilen ýygjam ýakynlaşmagynyň möhletini jikme-jik anyklaýarlar. Hasaplamalara görä, 2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ýeriň ilatynyň 90 göterime golaýy (takmynan 7,6 mlrd adam) Apofisi optiki enjamlary ulanman synlap bilerler. Gije asmanynda ol ýagty saçýan nokat bolup görner. Şunda asmandaşy görmek mümkinçiligi bulut örtüginiň dykyzlygyna we ýagtylyk hapalanmagynyň derejesine bagly bolar. 2029-njy ýylda asman daşy planetanyň üstünden 32 müň kilometrlikden uçup geçer. Asman daşynyň göwrümi keseligine 375 metre deň, bu 40 gatly binanyň beýikligine barabardyr diýip, «Space.com» saýtyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir