Awstriýaly kosmonawt Frans Fibek «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde Mars planetasynyň geljegini nähili göz öňüne getirýändigini gürrüň berdi. Ol adamzat haçan hem bolsa, bu planetada düşelge gurup biler diýen pikire ynanmaýandygy barada jogap berdi. «Ol ýerde häzirki Antarktidadaky ýaly alymlaryň ýaşaýan we işleýän ylmy barlag beketleri bolup biler diýip pikir edýärin. Emma adamlar köpçülikleýin göçüp bararlar diýip oýlamaýaryn. Munuň geregi hem ýok. Biziň ajaýyp Ýerimiz bar, iň gowusy, ol barada alada etmek gerek» diýip, Fibek nygtady. Fibek 1991-nji ýylda «Mir» orbita bekedine uçuşy amala aşyryp, sekiz gije-gündiz boldy, kosmos lukmançylygy, fizika we kosmos tehnologiýalary boýunça ylmy synaglary geçirdi. Ol öz ýurdunyň henize çenli äleme uçan ýeke-täk raýaty bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir