Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berildi. Häzirki döwürde milli däplere laýyklykda, her bir işde halk bilen maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi. Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», “Döwletliniň başlan işi oň bolar” ýaly pähimler bar. Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň tagallasy örän uludyr. Döwletimiziň bähbidi halkymyzyň bähbididir. Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada biziň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň öňýanynda geçiriljek Halk Maslahatynda kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdiriljekdigine buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şöhratly pederlerimiziň döreden milli däpleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň jana-jan wezipesidir. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Ýurdumyzda içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikler gazanylýar diýip buýsanç bilen bellemegi ata Watanyň mukaddesligini äşgär edýär. Gahryman Arkadagyz taryhy çykyşynda Dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi, kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär diýip bellemegi herbir ynsanyň ata watanyna bolan söýgisini goşalandyrýar. Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjilikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik tutumly işleriniň bolsa dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa