Tomus pasly özüniň altyn öwüşginli Gün şöhleleri, gözel tebigaty we joşgunly mähri bilen ýylyň iň ajaýyp döwürleriniň biridir. Bu pasylda daş-töwerek bütin barlygy bilen nurlanýar, tebigat bolsa özüniň iň kämil, iň baý reňklerini sergileýär. Sahawatly topragymyzyň goýnunda ýetişýän gök-bakja önümleri, baglary bezeýän ter miweler tebigatyň ynsana gowşurýan iň uly serpaýydyr. Günüň nury bilen çoýunýan giň sähralarymyz, belent daglarymyz we şaglawukly çeşmelerimiz tomus aýlarynda özboluşly bir medeniýetiň, tarypyna söz ýetmejek gözelligiň mekanyna öwrülýär. Bu pasylda tebigatyň berýän iň uly mähri diňe bir gözellik bilen çäklenmän, eýsem ynsan kalbyna bagyşlaýan ruhy rahatlygyndadyr. Agşamlaryň sergin şemaly, asmandaky lowurdaýan ýyldyzlar we tebigatyň asuda sesi adamlarda durmuşa bolan meýli, döredijilik ylhamyny has-da artdyrýar. Esasan hem, gök zolaklaryň, çeşme-bulaglaryň töwereginde emele gelýän sazlaşyk ynsanyň gymmatly saglygyny berkitmek, dynç almak we tebigat bilen bitewileşmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Bu gözel pasylda, aýratyn-da, ir säherlerde we agşamyň sergin howasynda ylgamak, welosiped sürmek, suwda ýüzmek we dürli sport oýunlary bilen meşgullanmak bütin bedeniň taplanmagyny üpjün edýär. Tomus paslynda sportuň bagyşlaýan iň uly artykmaçlygy — tebigat bilen gönüden-göni sazlaşykda bolmagydyr. Açyk howada ýerine ýetirilýän maşklar bedeni kislorod bilen baýlaşdyryp, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we Günüň nury arkaly bedene zerur bolan D witamininiň tebigy usulda siňmegine şert döredýär. Bu bolsa ynsanyň durnuklylygyny artdyryp, dürli keselleriň öňüni almaga kömek edýär. Sport diňe bir beden saglygy däl, eýsem belent zähmet medeniýetini we ruhubelentligi kemala getirýän esasy guraldyr. Ýaş nesillerimiziň tomus günlerinde sport meýdançalaryny doldurmagy, sagdyn we harby-watançylyk ruhunda terbiýelenmegi geljegimiziň we jemgyýetimiziň durnuklylygynyň kepilidir. Birek-birek bilen agzybir we dostlukly gatnaşyklary berkidýän sport oýunlary kalplara diňe bir şat we joşgunly pursatlary däl, eýsem täze maksatlara ýetmek üçin egsilmez güýç hem bagyşlaýar. Ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki şypahana we dynç alyş merkezleri, gök öwüsýän bagy-bossanlyklary asudalygyň we sagdynlygyň hakyky nusgasy bolup durýar. Şol bir wagtda, tomus pasly her bir öýde, her bir maşgalada özboluşly şatlyk we jemleýji bir döwri emele getirýär. Bu möwsümde mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň uly höwes bilen garaşan tomusky dynç alyş günleri başlanýar. Ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň iň gözel şypaly we arassa howaly künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şadyýanlyga beslenen günlerini diýseň hoş geçirýärler. Ýaşlar bu ýerde diňe bir saglyklaryny berkitmän, eýsem täze dostlar edinýärler, dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler we geljekki okuw ýylyna täze maksatlar bilen gadam basmaga ruhy taýdan taýýarlanýarlar. Şeýle hem, bu pasyl tebigaty goramagyň we ekologiýa durnuklylygyny saklamagyň ähmiýetini ýene bir gezek ýatladýar. Günüň gyzgyn şöhleleri astynda gök zolaklary, arassa suw çeşmelerini gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň ajaýyp künjeklerinde, şypahana we dynç alyş merkezlerinde ynsanlaryň saglygyny berkitmegi üçin döredilýän şertler, tebigat bilen ynsanyň arasyndaky kämil sazlaşygy görkezýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän täze eserleri, ylhamly goşgulary ynsan kalbyny has-da galkyndyrýar. Sebäbi tomus özüniň üýtgeşik lowurdysy bilen ynsan aňyna we kalbyna diňe bir ýylylyk däl, eýsem täze açyşlara, belent sepgitlere bolan hyjywuny artyrýar. Çünki sahawatly tomus — bu zähmetiň, bagtyýarlygyň we durmuşyň dowamatlylygynyň iň aýdyň dabaralanmasydyr. Tomus diňe bir zähmetiň däl, eýsem, kalplaryň hem joşýan paslydyr. Ol özüniň nurana günleri, şirin miweleri we döredijilikli pursatlary bilen her bir ynsanyň gowulyga, gözellige bolan ynamyny artdyrýar. Goý, bu nurana pasyl saçaklarymyza bereket, kalplarymyza bolsa hemişelik şatlyk we ruhubelentlik getirsin! Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa