Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/16 final tapgyry tamamlandy we 1/8 finala çykan ähli ýygyndylar kesgitlenildi. Aşakda pleý-off tapgyrynyň Aşgabat wagty boýunça oýunlarynyň tertibi hödürlenýär. 1/16 finalyň soňky oýunlarynyň netijeleri: Müsüriň ýygyndysy penaltiler tapgyrynda Awstraliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Esasy wagt 1:1 hasabynda tamamlandy, 11 metrlik jerime urgularynda bolsa Müsüriň ýygyndysy 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Argentinanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Kabo-Werdeniň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Kolumbiýanyň ýygyndysy Gananyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. 1/8 finalyň oýunlarynyň tertibi (Aşgabat wagty): 4-nji iýul, 22:00 — Kanada – Marokko; 5-nji iýul, 02:00 — Paragwaý – Fransiýa; 6-njy iýul, 01:00 — Braziliýa – Norwegiýa; 6-njy iýul, 05:00 — Meksika – Angliýa; 6-njy iýul, 23:55 — Portugaliýa – Ispaniýa; 7-nji iýul, 05:00 — ABŞ – Belgiýa; 7-nji iýul, 21:00 — Argentina – Müsür; 8-nji iýul, 01:00 — Şweýsariýa – Kolumbiýa. Türkmenistanyň ýaşaýjylary dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryna Belet striming platformasynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanýar.