Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si gurulýar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyldaky degişli Kararyna laýyklykda, Arkadag şäherinde seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýalaryň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň hem-de 72 sany iki gatly, 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurluşygy hem alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.