Hindiniň awçysy çyksa şikäre, Özge aw islemez, pil sesin aňsa, Otag ören bolsa bilbili-zara, Otaga ot salar, gül sesinaňsa. Jereniň balasyn baksaň, bejerseň, Suw ýerine şeker-şerbetler berseň, Höregne gül berip, bir güni görseň, Watandan el götär, çöl sesin aňsa. Gündize gün zynat, gijäge - mahtap, Kümüşzäge mätäç, altyna - simap, Derýa görki mähek hem dürri- naýap, Bilgurröwşen tapar, kül sesin aňsa. Harsydünýä söýer teňňäni, maly, Bir gün bitap bolup, gitse mejaly, Dönüp-deprenmäge bolmasa haly, Galar garysyna, pul sesinaňsa. Jelep karar etmez ýeke är bilen, Dostun görse, bolmaz kesbi-kär bilen, Ýola gelmez taýak bilen, zor bilen, Ýagşyzen daş gaçar, “gel!” sesin aňsa. Gula döwlet gelse, bilmez agasyn, Nakyldyr: har semrär - deper eýesin, Kyrk çilledegörseň doňuz balasyn, Bilgurröwşen tapar, kül sesiň aňsa. Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy, Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy, Gaçar betküýlerden söz guran saýy, Çyrag iba kylar, ýel sesinaňsa. Bedasylyň köňli açylar, şer diýseň, Hergiz gitmez, il derdine ýör diýseň, Bahyllaryň jany çykar, ber diýseň, Täzeden jan geler, al sesin aňsa. Karun mülkün alsa bir är ýa dişi, Pulum az diýr, her gün çeker käýişi, Nuhuň ömrün hasyl etse bir kişi, Ýakmaz gulagyna, öl sesin aňsa. Nepes, sen sözleseň ulus-illerde, Bilbil şeýda bolar täze güllerde, Asal ezgil dahan içre tillerde, Ary hüjüm eýlär, bal sesinaňsa.

Köneler, Bahbit tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir