22-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri institutynda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Tejribeligiň esasy maksady alnan nazary bilimleri iş ýüzünde berkitmekden, hünär ukyplaryny kämilleşdirmekden, tejribe alyşmakdan hem-de hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Iki hepdelik tejribeligiň çäklerinde talyplar üçin agrar we suw hojalygynyň innowasion tehnologiýalary, şeýle hem häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilimleri çuňlaşdyrmaga we ukyplary giňeltmäge gönükdirilen okuw we amaly çäreleriň baý maksatnamasy taýýarlanyldy. Türkmenistandan baran talyplar üçin özbek uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlary we mugallymlary tarapyndan degişli mowzuklar boýunça umumy sapaklar geçilýär. Sapaklaryň dowamynda howanyň üýtgemeginiň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyna ýetirýän täsiri, FAO-nyň ýörite usulyýetleri boýunça ekinleri suwarmagyň düzgünlerini hasaplamak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, geoinformasion ulgamlar (GIS) we ýeri uzakdan zondlamagyň innowasion usullary ýaly aktual mowzuklara aýratyn üns berilýär. Talyplar institutyň häzirki zaman barlaghanalarynda amaly ylmy-barlag işlerine gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk tehnikalaryna gurnalýan döwrebap GPS ulgamlarynyň netijeliligini barlamak, gorag materiallarynyň ýylylyk geçirijiligini ölçemek we topragyň dürli görnüşleriniň fiziki-mehaniki aýratynlyklaryny kesgitlemek boýunça barlaghana işlerini özbaşdak ýerine ýetirýärler. Nazary bilimleri we amaly taýýarlygy utgaşdyrmak maksady bilen, talyplar üçin Özbegistanyň agrosenagat we suw hojalygy pudaklarynyň öňdebaryjy kärhanalaryna okuw ekskursiýalary göz öňünde tutuldy. Gezelençleriň dowamynda talyplar «UzGIP» taslama institutynyň, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasynyň, «Suwçular mekdebiniň», şeýle hem Oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny synagdan geçirmek we sertifikatlaşdyrmak boýunça respublika merkeziniň iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Okuw we tejribelikden başga-da, saparyň maksatnamasyna medeni çäreler — Daşkendiň gözel ýerlerine, medeniýet merkezlerine we muzeýlerine gezelençler hem girýär. Ýeri gelende ýatlatsak, 16-njy maý — 1-nji iýun aralygynda Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri institutynyň talyplary hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde şeýle tejribeligi geçipdiler.