Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi (YÖK) bir bölegi emeli aň bilen baglanyşykly 16 sany täze hünäriň girizilýändigini habar berdi diýip, «azertaj.az» ýazýar. Ýagny 2026/27-nji okuw ýylynda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynda hünär saýlamak boýunça gollanmalarda «Emeli aň», «Maliýe tehnologiýalary», «Biotehnologiýalar», «Mobil howpsuzlyk», «Sanly oýunlaryň tehnologiýalary» we «Derman önümçiligi» ýaly täze maksatnamalar goşular. Işe goýberilýän maksatnamalaryň hatarynda - «Taryh we EA», «Filosofiýa we EA» we «Telekeçilik we EA» bar. «Bu maksatnamalar arkaly EA-nyň ulanylyş ulgamlaryny inženerligiň we informatikanyň çäklerinden daşarda, gaýry sosial ylymlar bilen sazlaşdyrmak göz öňünde tutulýar» diýip, YÖK-da bellediler. Dalaşgärler üçin ilkinji gezek kompýuter programmalary, dizaýn we animasiýa, sanly oýunlar ulgamlarynda, galyberse-de, oba hojalyk, derman önümçiligi ýaly pudaklarda emeli aňdan peýdalanmak boýunça hünärleriň girizilýändigi habarda bellenýär. YÖK edarasynyň ýolbaşçysy professor Erol Ozwar täze okuw maksatnamalarynyň sanawy düzülende, Türkiýäniň zähmet bazarynyň häzirki we geljekki talaplaryndan ugur alnandygyny nygtady.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir