ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen ýylda kriptopulda bir milliard amerikan dollaryndan hem köp girdeji gazandy. Bu barada maliýe hasabatyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet gullukçylarynyň etikasy boýunça edarasy hasabaty yglan etdi. Onda Trampyň deklarasiýasy 927 sahypany eýeleýär. Şunda kriptopullardan alnan umumy girdeji 1,4 milliard dollardan geçip, ol Trampyň esasy girdeji çeşmesi bolup durýar, Prezidentiň Palm-Biçdäki hususy kluby 77 mln dollar, Demirgazyk Karolinadaky golf-kluby bolsa 25 mln dollar girdeji getiripdir. Donald Tramp maşgalasyna dahylly bolan «World Liberty Financial» kompaniýasynyň tokenleriniň satuwyndan 594 mln, «CIC Digital LLC» memkoin-edarasyndan 636 mln, «Stablecoin Holdco» kompaniýasyndaky paýyndan 197 mln dollar gazanypdyr, şeýle hem «CIC Digital LLC» sanly gapjyklaryndan 60 mln dollar kriptopul girdeji alypdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir