Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Keniýa Respublikasynyň Prezidenti William Samoei Rutonyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ýurduň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda ilçi döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.