Hytaýyň «Pudu Robotics» kompaniýasy öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde tutuşlygyna robotlaşdyrylan otel açmakçy bolýarlar, ol Şençžen-Çžunşan köprüsiniň ýanyndaky emeli adada bina edilýär. Ilkinji myhmanlary 2027-nji ýylda kabul etjek myhmanhanada tutuşlygyna awtomatlaşdyrylan hyzmat ulgamyna 2030-njy ýylda geçmek meýilleşdirilýär. Bu barada «New Atlas» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär. Robotlaşdyrylan ulgamlary tapgyrma-tapgyr işe girizmek göz öňünde tutulýar. Eýýäm 2026-njy ýyldan otelde dürli wezipeleri berjaý etjek robotlar ulanyp başlanar. Taslamada myhmanhana hyzmatlarynyň agramly bölegini awtomatlaşdyrmak göz öňünde tutulandyr. Mysal üçin, «FlashBot» ulgamy nahardyr içgileri ykjam priloženiýe arkaly sargyt etmäge mümkinçilik berer, ondan soňra iýmiti robotlar özbaşdak myhmanlara eltip berer. Kompaniýanyň önümleriniň arasynda bu hyzmatlary amala aşyryp biljek dürli kysymly robotlar bar. Mysal üçin, «PUDU T300» agramy 300 kilograma ýetýän goş-golamlary daşap bilýär, «CC1 Pro» we «MT1» robotlary otaglary we ýanaşyk ýerleri syryp-süpürýärler, «BellaBot Pro» kofe taýýarlap äberse, «KettyBot Pro» restoranlarda müşderilere hyzmat edýär.