Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň eserleriniň şahsy sergisi geçirildi. Sergä gelenleriň ünsüni aýratyn-da dokalan ýantorbalar özüne çekdi. Aşgabatda haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy sergisi geçirildi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gobelen usulynda dokalan bu ýantorbalar nepis nagyşlary we reňk öwüşginleriniň sazlaşykly utgaşmagy bilen tapawutlanýar. Eserlerdäki nagyşlar suratkeşiň baý döredijilik dünýäsini we milli amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini aýdyň görkezýär. «Tegbent», «Gülaýdy», «Älem», «Saýlan», «Goçak» ýaly gadymy milli nagyşlar suratkeş tarapyndan döredijilik taýdan täzeden işlenip, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylypdyr. Aşgabatda haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy sergisi geçirildi Güljahan Töräýewa halyçylyk sungaty bilen ençeme ýyldan bäri meşgullanýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynda ýaşlaryň arasynda bu sungaty wagyz etmek, olara halyçylyk ussatlygynyň inçe syrlaryny öwretmek ugrunda yzygiderli zähmet çekýär.