2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Özbegistanyň ilaty 39 million 47 müň adamdan geçdi. Bu barada ýurduň Statistika boýunça komitetiniň başlygy Behzod Hamroýew habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar. Ilat ýazuwynyň deslapky jemleri bilen tanyşlykda Respublikanyň işe ukyply ilatynyň sanynyň 21,73 milliondan geçendigi we munuň umumy ilatyň 55,7 göterimine deňdigi habar berildi. Çagalaryň sany 12,5 million, gartaşan adamlaryň sany 4,8 million adama deň. Ilatyň arasynda 34,9 million adam özbek milletine degişli (ilatyň 89,4%). Täjikleriň sany 1,3 mln, garagalpaklar – 841,4 müň, gazaklar — 707,3 müň, ruslar — 606,5 müň. Ýurtda 219,1 müň gyrgyz, 194,7 müň türkmen ýaşaýar, beýleki milletleriň wekilleri bolsa 300 müň adama deň diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir