2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 36,3 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi. Hasabat döwründe türkmen-özbek söwda dolanyşygy 427,9 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň 5 aýynda bu görkeziji 391,6 million amerikan dollaryna barabardy. Ýanwar —maý aýlarynda Türkmenistanyň goňşy ýurda amala aşyran eksportynyň umumy bahasy 350,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importunda ilkinji onlukdan ýer aldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,5 esse töweregi köpdür. Öz gezeginde, şu ýylyň 5 aýynda Özbegistan türkmen bazaryna 77,8 million amerikan dollarlyk harytlary we hyzmatlary eksport etdi. Umuman alnanda, ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistan Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 12-nji basgançakdan orun aldy.