Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli boldy, daşky dizaýny bolsa üýtgewsiz galdy. Iň esasy täzelik — sürüjä tarap gönükdirilen, bir bitewi egri blokda ýerleşdirilen, diagonaly 11,9 we 12,8 dýuým bolan iki ekranly täze sanly paneldir. Ulagyň içki salonyny bezemek üçin karbon süýümi, Dinamica mikrofibrasy, «Light crepe» dokma önümi we «Impressum black» matasy ulanylan dürli görnüşler göz öňünde tutuldy. Ähli wersiýalar giňeldilen ADAS toplumy bilen üpjün edildi. Bu topluma 210 km/sag çenli tizlikde işleýän adaptiw kruiz-kontrol, şeýle-de sürüjiniň endiklerini öwrenýän ýörite funksiýa girýär. Ulgam ýygy-ýygydan ulanylýan sazlamalary we assistentleri awtomatik usulda hödürlemäge ukyplydyr. Kruiz-kontrol ulagy zolaklaryň arasynda awtomatik ugrukdyryp, ony ýolyşygyň gadagan ediji gyzyl çyrasynda özbaşdak saklap bilýär. Hereketlendirijiler hatary üýtgewsiz galdy. Satyn alyjylar üçin kuwwaty 114-den 394 at güýjüne çenli bolan benzinli, gibrid we sport wersiýalary elýeterlidir. Gibrid görnüşleriniň diňe elektrik togy bilen geçip biljek iň ýokary aralygy 143 kilometre ýetýär. Täzelenen A3 maşgala hatarynyň Ýewropa bazaryndaky satuwlary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda başlar. Ulagyň başlangyç görnüşi bolan A3 Sportback modeliniň bahasy 31 850 ýewrodan başlanar. Gibrid görnüşli A3 Sportback e-hybrid azyndan 45 350 ýewro, sport wersiýasy bolan S3 bolsa 57 200 ýewro düşer. Iň ýokary we gymmat bahaly wersiýa bolan RS3 modeliniň bahasy bolsa 68 500 ýewrodan pes bolmaz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir