Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge ukyplydyr. Enjam «kerpiç» görnüşli formada bolar. Doly eplenen ýagdaýynda ol galyň we uzyn kerpije ýa-da ähli tarapy ekran bilen örtülen gutujyga meňzeýär. Ekranlar ilki gapdalyna açylýar (adaty eplenýän modelleriň prinsipi boýunça), soňra bolsa roller mehanizminiň kömegi bilen goşmaça çykýar we ýaýylýar. Doly ýaýylan görnüşinde darajyk enjam, meýdany boýunça kiçiräk planşete deň bolan doly göwrümli giň formatly tekiz ekrana öwrülýär. Patente ýüz tutma ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna berildi. Enjamyň takyk ölçegleri görkezilmändir, bu bolsa onuň heniz diňe bir konseptual işlenmedigini aňladýar. Patentiň maglumatlaryna görä, täze taslama häzirki «Samsung Galaxy Z Fold» we beýleki meňzeş eplenýän smartfonlardan ep-esli uly bolup biler. Mundan ozal kompaniýa gapdallygyna giňeýän ekranly «Galaxy Z» seriýasyndaky düýrlenýän smartfona hem patent alypdy. Şol işlenmede enjamyň ölçegleri üýtgände, kamera moduly korpus bilen bilelikde hereket edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir