Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi. European Spaceflight neşiriniň maglumatyna görä, maý aýynyň başyna meýilleşdirilen enjamy asmandan goýbermek synaglary gäminiň nusgasyny «CH-47 Chinook» dikuçarynyň daşky asgyçlaryna galdyrylan wagty togtadylypdyr. Waka barada içgin maglumat berilmeýär. Agentlik derňew işleriniň dowam edýändigini mälim etdi. Möhletleriň yza süýşürilmegine synag meýdançasyna elýeterligiň çäklidigi-de täsir etdi. Indiki jemleýji synaglar 2026-njy ýylyň oktýabr aýyndan ir geçirilmez. Şol bir wagtda «Space Rideiň-iň» ilkinji uçuşy öňküsi ýaly 2028-nji ýylyň birinji çärýegine meýilleşdirilýär. Gämini uçurmak üçin «Vega C» raketasyny ulanmak göz öňünde tutulýar. Ozal 2024-nji ýylyň awgustynda we 2025-nji ýylyň iýunynda ESA enjamyň üç tonnalyk masso-gabaraly nusgasynyň synaglaryny üstünlikli geçiripdi. Maksatnamanyň ýolbaşçysy Dante Galliniň aýdyşy ýaly, gäminiň ähli uçuş nusgalary eýýäm ýasalyp, häzirki wagtda birikdiriliş we barlag tapgyrlaryndan geçýär.